«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyndan öňki türgenleşigini geçirdi

23:5606.04.2022
0
3305

«Ahalyň» futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary bilen boljak duşuşykda öňki türgenleşigini geçirdi.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar sebitiniň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklary şu ýyl Saud Arabystanynda geçirilýär. Mukaddes Oraza aýynyň dowam edýänligi sebäpli, kabul ediji döwletiň Hökümeti yklym ýaryşynyň duşuşyklaryny giçki wagta aldy. Şeýlelikde, «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy 8-nji aprel güni gije sagat 01:15-de başlanar.

«Şabab Al-Ahli» Birleşen Arap Emirlikleriniň iň üstünlikli toparlarynyň biridir. Topar 7 gezek ― 1974/75, 1975/76, 1979/80, 2005/06, 2008/09, 2013/14, 2015/16-njy ýyllaryň möwsümlerinde ýurduň çempiony boldy. Şeýle hem «Şabab Al-Ahli» 10 gezek (1975, 1977, 1988, 1996, 2002, 2004, 2008, 2013, 2019, 2021) BAE-niň Prezidentiniň kubogyny gazandy. Topar ýurduň liga kubogynyň 5 (2012, 2014, 2017, 2019, 2021) we Naýbaşy kubogynyň hem 5 (2009, 2013, 2014, 2016, 2020) gezek eýesidir.

«Şabab Al-Ahli» AFK-nyň Çempionlar ligasynda 2015-nji ýylda finala çenli baryp ýetdi, ýöne finalda Hytaýyň «Guançžou Ewergrandyndan» 0:1 hasabynda asgyn geldi.

«Ahal» ikinji tapgyrdaky duşuşygyny 11-nji aprelde Kataryň «Al-Garafa», üçünji tapgyrda bolsa 14-nji aprelde Eýranyň «Fulad» topary bilen geçirer.

«C» toparçanyň wekilleri 18 ― 27-nji aprel aralygynda ýene bir aýlawda duşuşyklary geçirerler.

Ýaryşyň 1/8 finalyna 10 toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň 6-sy gatnaşar. Olaryň 3-si Günbatar, ýene şonçasy Gündogar sebite degişli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň