Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ikinji duşuşygynda hem ýeňildi

23:5305.04.2022
0
10358

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky ikinji duşuşygynda hem utulyşdan halas bolup bilmedi. Düýn ýer eýeleri Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen duşuşan türkmen hokkeýçileri garşydaşlaryndan 4:5 hasabynda asgyn geldiler.

Aslynda, biziň ildeşlerimiziň duşuşygyň agramly böleginde deňeçer oýnandygyny nygtamak gerek. Birinji döw taraplaryň 2:2 hasabyndaky deňligi bilen tamamlandy. Ikinji döwde garşydaşlarymyz 1:2 hasabynda öňe geçdiler. Üçünji döw bolsa türkmen hokkeýçileriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, üç döwden soň 4:4 hasabyndaky deňlik emele geldi. Duşuşygyň goşmaça döwünde biziň ýygyndymyzyň derwezesine bir şaýba geçiren lýuksemburglylar ilkinji ýeňşini gazandylar.

Duşuşykda ildeşlerimiziň şaýbalaryny B.Döwletmyradow (5', 10', 53') we P.Barkowski (26') geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň