«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasy bu ýerde bejergi almak isleýän Türkmenistanyň dürli künjeginden raýatlar üçin gapysyny giňden açdy. Bu baradaky bildirişi şypahananyň administrasiýasy yglan etdi.
Şypahana bu ýerde bejergi alýan raýatlara dürli keselleriň, şol sanda dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamlary, ýürek keselleri we süýji keselleriň we beýleki birnäçe keselleriň öňüni almak üçin hyzmatlary hödürleýär.
«Awaza» şypahanasynyň bir wagtyň özünde 200 adamy kabul etmek mümkinçiligi bar. Anyk maglumat almak üçin şu aşakdaky görkezilen telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz:
Telefon belgileri: (+993 243) 5-78-19; (+993 243) 5-78-20; (+993 243) 5-78-59.