Последние новости
Архив новостей
Санаторий Аваза
Ýerleşýän ýeri: Balkan welaýatynyň Awaza etrabynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär.
Açylan ýyly: 2018-nji ýylyň iýul aýynda açylan «Awaza» şypahanasy halkara ölçeglerine laýyk gelýän toplum bolup, 9 gatly bina birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir.
Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Şypahana Hazar deňzinden ýörite suw turbalary arkaly deňiz suwy çekildi, şeýle-de şypahananyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan dikguýy, ýagny ýod-bromly, hloridli, natrili bejeriş-mineral suw çeşmesi burawlandy. Şypahananyň mineral-bejeriş suwy ýod-bromly suwlar toparyna degişli bolup, ýoduň mukdary 53,64 mg/dm3, bromyň mukdary bolsa 312 mg/dm3 deňdir. Onuň düzüminde hlor, gidrokarbonat, kalsiý, magniý we natriý bar. Suwuň minerallaşmagy 196,4 mg/dm3, aşgarlygy (ph) 5,28, gyzgynlygy 26 gradusa deňdir. Awazanyň suwy, howasy, palçygy, ösüntgisi-de dermandyr. «Awaza» şypahanada aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwy, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullary öz içine alýan, ýagny toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullary giňden ulanylýar.
Bölümleri: Mineral suw (balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş), howuz we SPA, anyklaýyş-maslahat beriş, dikeldiş, fiziobejeriş (elektroterapiýa, mehanoterapiýa, ergoterapiýa, iňňerefleksoterapiýa, «Sling» terapiýa, ozonoterapiýa, pressoterapiýa, lazeroterapiýa otaglary) bölümleri hereket edýär.
Şypahananyň suw bilen bejeriş bölüminde, ýod-bromly mineral suwly wannalara howa akymyny goşup, suwasty owkalama hem-de dürli yşyklar bilen yşyklandyryp hromoterapiýany, galwaniki wanna we dürli görnüşli duşlar bilen bejeriş, akwaowkalama, ýagny dürli güýçli we tizlikli suw akymlar arkaly bedene suw degmezden suw bilen owkalama, gidrokolonoterapiýa bejeriş, şeýle-de Mollagara we wulkan palçyklaryndan ýapgylar, sowuk howa akymy bilen bejeriş (krioterapiýa), duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş (galoterapiýa), basyş bilen bejeriş (pressoterapiýa) ozon bilen bejeriş (ozonoterapiýa), hoşboý yslar bilen bejeriş (aromaterapiýa), gyzgyn daşlar bilen owkalama (stounoterapiýa), galokamera, SPA bejergileri üçin şertler, iňňerefleksoterapiýa, ergoterapiýa, kineziterapiýa, mehanoterapiýa, ýod-bromly mineral suwly, deňiz we agyz suwly howuzlar, saunalar (infra-gyzyl şöhleli, gury, bugly), dikeldiş fitnes otaglary, bejeriş bedenterbiýesi we sport bilen meşgul bolmaklary üçin otaglar raýatlarymyza ýokary hilli şypahana bejergisiberilýär.
Şypahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyş, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomatolog, aýal keselleri, iç keselleri, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, gulak-burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilmegi, raýatlary doly lukmançylyk barlaglardan geçirip we degişli maslahatlary bermeklige şeýle-de raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin internet kafeniň, dükanlaryň, tennis hem-de bilýard otaglarynyň bolmagy şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
«Awaza» şypahanasy Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri öndürýän kompaniýalaryň önümleri bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş bölümleri we otaglary bar, öz işine ussat lukmanlar halkymyza ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny hödürleýärler.
Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: «Awaza» şypahanasy nerw (merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalary, newrozlar, wegeto-damar distoniýasy, dowamly ýadawlyk sindromy, çetki nerw ulgamynyň keselleri: osteohondroz, newralgiýa, neýropatiýalar), ýürek-damar (gipertoniýa keseli, ýüregiň işemiýa keseli, infarktdan soňky kardioskleroz, ýüregiň we kelle beýniniň damarlarynyň aterosklerozy, wena damarlarynyň warikoz giňelmesi), daýanç-hereket ediş (artritler, poliartritler), endokrin (semizlik, galkan şekilli mäziň bozulmalary, süýjüli diabet, gipofizar ýetmezçilik), dem alyş (bronhial dem gysmanyň ýeňil we orta agyrlyk derejesi beterleşmedik döwründe, allergiki we asmatoidli dowamly bronhitler, dowamly faringit, laringit, rinit, sinusit, pollinozlar, allergiki rinosinusitler, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri), deri (neýrodermit, ekzema, iteşen gaýtgyn döwründe), peşew-jyns we ginekologiki kesellerde (piýelonefrit, uretritler we sistitler, endometrit, erkeklik mäziniň adenomasy, prostatitler, peşew-daş keseli), ulgamlaryň işjeň dikeldiş çärelerini (reabilitasiýa) geçirmekde we raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmekde üstünlikli peýdalanylýar. Deňiz we mineral suwdaky peýdaly maddalaryň toplumy, kenarýaka deňiz howasy bilen utgaşyklykda, adamyň umumy saglygynyň berkidilmegine netijeli täsir edýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-243-5-78-19; 800-243-5-78-20.
Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter