Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Türkmenistanda ýene 10 çaga üçin operasiýa geçirdi

18:1504.04.2022
0
9497
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Türkmenistanda ýene 10 çaga üçin operasiýa geçirdi

Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalaryň ýene 10-sy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýa edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Operasiýa Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda hem-de Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçirildi.

Häzir näsag çagalaryň ählisi-de iň gowy lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýar.

Häzirki döwürde lukmançylyk edaralary tarapyndan doga näsag çagalaryň ýüregini we ýürek damarlaryny operasiýa etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olary hem Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirildi.

2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Geçen döwürde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan çagalaryň 25-siniň ýüregini, bogunlaryny we gözüni operasiýa etmek üçin maliýe serişdeleri bölünip berildi. Şeýle hem emeli beden agzalary, eşitdiriş enjamlary, maýyplar üçin ýörite çaga arabalary, şol sanda Türkmenistanyň welaýatlarynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze, häzirki zaman “Tiz kömek” awtoulaglary hem satyn alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň