Soňky habarlar

Arhiw

Patris Ewra boksdaky ilkinji tutluşygyny geçirer

16:4521.03.2022
0
4970

“Mançester Ýunaýtediň” öňki goragçysy Patris Ewra bloger Adam Saleh bilen boks duşuşygyny geçirjekdigini aýtdy.

Duşuşyk 30-njy aprelde, Londonda bolar. Bu barada “GiveMeSport” habar berýär.

“Ömrümde ilkinji gezek boks ýaryşyna gatnaşjakdygym üçin örän şat, sebäbi men boks bilen meşgullanýan adamlara hemişe uly hormat goýýaryn.

Boks diňe güýçli urgy geçirilýän sport däl. Ol şol sanda küşt oýnuna meňzeş — strategiýa we tehnikalara hem baý.

Meni iň köp aladalandyrýan zat — nähili türgenleşmekdir. Sebäbi boksçularyň türgenleşigi futbolçylaryň türgenleşiginden düýpgöter tapawutlanýar” diýip, “Mançester Ýunaýtediň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy aýtdy.

Şeýle-de, goragçy sosial ulgamlarda özüniň goldanylmagyna garaşýandygyny ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň