Soňky habarlar

Arhiw

Syýasy partiýalardan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgärler Aşgabat şäheriniň saýlawçylary bilen duşuşdylar

22:4305.03.2022
0
3801
Syýasy partiýalardan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgärler Aşgabat şäheriniň saýlawçylary bilen duşuşdylar

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Agrar partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Ý.Sopyýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa söz berdi. Ol dalaşgäriň zähmet ýolunyň esasy ugurlary barada gürrüň berip, ony işewür we jemgyýetçilik guramalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda işläp, ýeterlik tejribe toplan hünärmen hökmünde häsiýetlendirdi.

A.Bekmyradow öz gezeginde saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy barada aýdyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Dalaşgär döredijilikli syýasatyň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy. Ykdysadyýetiiň ähli pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň netijeli ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berler.

Senagat pudaklaryny, bilimi, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşaýyş jaýlaryny, awtomobil ýollaryny gurmak işleri dowam etdiriler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi babatda zerur tagallalar ediler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan hödürlenen dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumynyň ösüşiniň geljekki ugurlary, gurluşyk senagaty, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlaryny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary barada jikme-jik gürrüň berdi.

A.Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Günüň ikinji ýarymynda «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda dalaşgärlige hödürlenen «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary S.Setdarow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy D.Nazkulyýewe söz berdi. Ol bu ýere ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony uly tejribe toplan, ýokary şahsy sypatlary özünde jemlän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Onda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de netijeli herekete girizmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmek, döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi arkaly ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleri öndürmek meseleleriniň möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olarda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de işe ýerleşdirmek, Türkmenistanyň telekeçilerini höweslendirmek, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek ýaly aýratyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dalaşgär telekeçilik işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreleri has-da işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan işler baradaky pikirini aýdyp, munuň telekeçileriň özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrjakdygyny belledi.

B.Meredow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli güýjüni, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň