Soňky habarlar

Arhiw

Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärini hödürledi

21:4321.02.2022
0
12085

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda adybir partiýanyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy hödürlemek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Çärä gatnaşyjylar dalaşgär Babamyrat Meredowyň terjimehaly bilen tanyşdyryldy. Ol 2001-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-sistemotehnik hünäri boýunça tamamlap, 2012-nji ýylyň aprel aýyna çenli Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde informatika mugallymy bolup işledi. B.Meredow 2012-nji ýylyň oktýabryndan bäri “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetine ýolbaşçylyk edýär.

Çykyş edenler Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Babamyrat Meredowyň ýokary işewürlik-guramaçylyk ukyplary barada aýtdylar. Gurultaýa gatnaşyjylar bitirýän hyzmatlaryny nazarda tutup, B.Meredowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň