Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda gök böri boýunça ýöriteleşdirilen mekdep açyldy

17:4423.02.2022
0
3531

Sportuň gök böri görnüşi boýunça dünýäde ilkinji mekdep Gyrgyzystandan açyldy. Bu sport at çapyşygy bilen futbolyň garyşyk görnüşidir. Şeýlelik bilen, oýun wagtynda çapyksuwarlar geçiniň derisini garşydaşyň derwezesine zyňmaly.

Ilkinji mekdepde eýýäm 5 okuwçy bar. Bu ýerde türgenleşikler üçin 10 müň dollardan gowrak bahasy bolan ýörite atlar bar. Tälimçiniň esasy wezipesi bolsa, her bir oýunçy üçin dogry at saýlamakdyr.

Gök böriniň şerti diňe bir meýdanda ylgamak däl. Bu ýerde her bir oýunçynyň öz jogapkärçiligi bar: goragçylar garşydaşlary petiklemeli, hüjümçiler kowalaýanlardan daşlaşmaly.

Mir24 habar gullugynyň habaryna görä, 21-nji martda Nooruz baýramynyň hormatyna Gyrgyzystanda döwlet derejesindäki ýaryş geçiriler. Bu ýaryş täze mekdebiň okuwçylary üçin ilkinji synag bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň