Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindi kompozitory Bappi Lahiri aradan çykdy

11:4923.02.2022
0
1116
Hindi kompozitory Bappi Lahiri aradan çykdy
Surat: Getty Images/Hindustan Times

Hindi kompozitory we aýdymçysy, Bolliwudda «disko eýýamynyň» nusgawy wekili hasaplanan Bappi Lahiri 69 ýaşynda Mumbaýyň hassanalarynyň birinde aradan çykdy. Bu barada onuň lukmany Dipak Namdjoşi habar berdi.

Lukman kompozitoryň bir aý hassahanada bejergi alandygyny, emma ötüşen keselleriniň köp bolmagynyň ony halas etmäge päsgel berendigini, ahyrynda kompozitoryň ukudaka dem almanyň durmagyndan aradan çykandygyny gürrüň berdi.

Bappi Lahiri (hakyky ady Alokeş Lahiri) sazandalaryň maşgalasynda dünýä indi, ol ilkinji bolup hindi kinosyna «disko» saz ugruny girizdi.

Onuň aýdym-sazlary «Diskonyň tansçysy», «Tans et, tans et», «Komandos» we «Söýgi, söýgi, söýgi» ýaly ýüzlerçe filmlerde ýaňlandy.

Bu barada «iz.ru» saýty habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň