Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bristol uniwersitetiniň inženerleri robot-siňek döretdiler

17:5904.02.2022
0
776

Bristol uniwersitetiniň inženerleri uçýan kiçirobotlaryň täze görnüşini— ganatlaryny galgadyp uçýan siňekleri oýlap tapdylar, bu barada Science Robotics neşirine esaslanyp, «MIR24» habar berdi.

Jonatan Rossiteriň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary emeli myşşalary döretmek bilen herekete getirijiniň täze ulgamyny işläp düzdüler, bu işde uçýan mör-möjekleriň anatomiýasyndan ylham alyndy. Ulgama LAZA diýlip at berildi.

Inženerler täze açyşyň gymmat bolmadyk uçýan kiçi enjamlaryň önümçiligine ýol açjakdygyna umyt baglaýarlar, olar ýykylan binalardan adamlary gözlemekde, seýrek ösümlikleri tozanlandyrmakda ulanyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň