Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy

23:0028.01.2022
0
3801

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň Karary bilen 2019-njy ýylda tassyklanan, Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulanmak meseleleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär. Bu Merkez 2013-nji ýyldan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Senagat ösüşi boýunça guramasynyň howandarlygynda hereket edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu Teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy.

Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Biziň ýurdumyz bu ulgamda milli derejede toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmek bilen ählumumy ähmiýete eýe bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar.

Döwletimiz BMG-niň esas goýujy tebigaty goraýyş resminamalaryny, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýalary, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de olaryň amala aşyrylmagyna örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara düzümleriň belent münberinden öňe sürlen anyk başlangyçlary bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň çözülmegine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bilelikdäki uzak möhletleýin maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy, tebigy serişdeleriň rejeli we aýawly peýdalanylmagy, energiýa netijeliligine ýetilmegi, ekologiýa ulgamlarynyň goralmagy hem-de gaýtadan dikeldilmegi sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, bu ugurda umumy tagallalaryň jebisleşdirilmegine uly goşant goşýar.

Milletiň Lideri aýdylanlary jemläp, hödürlenilen teklipleri, umuman, makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň