“Borjomi” dürli miwelerden şekersiz içgileriň önümçiligini ýola goýdy

12:5728.01.2022
0
4262

Indi “Borjomi” haryt nyşanly kärhana dürli miwelerden we şypaly otlardan taýýarlanan içgileri alyjylara ýetirer.

Täze öndürilip başlanan içgileriň hataryny “sitrus-zenjebil”, “ülje-nar”, “ýertudana-şypaly otlar”, “laým-koriandr” atly dört görnüşli miwe suwlary düzýär. Bu içgiler 130 ýylyň dowamynda ilkinji gezek öndürilip, özüniň tagamy hem-de ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanda “Borjomi” haryt nyşanly suwlary islendik dükanlardan we söwda merkezlerinden, onlaýn-dükanlardan tapmak bolýar.

Bu minerallaşdyrylan içgileri +993 (12) 46-37-87, +993 (65) 72-64-75 telefon belgileri arkaly ýa-da Instagram sosial ulgamyndaky @borjomi_turkmenistan hasaby boýunça sargyt edip alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň