Soňky habarlar

Arhiw

CAFA-nyň futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasynda geçiren ýaryşynyň ýeňijisi belli boldy

01:1628.01.2022
0
3314
CAFA-nyň futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasynda geçiren ýaryşynyň ýeňijisi belli boldy

Eýranyň futzal boýunça zenanlar ýygydysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçirilen ýaryş tamamlanmanka çempionlygyny yglan etdi.

Eýranly futzalçy gyzlar 5-nji tapgyrda Özbegistanyň ýygyndysy bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Şeýlelikde, olar bäş duşuşykda toplan 13 utugyny bilen, ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda çempion boldular.

5-nji tapgyryň beýleki duşuşygynda Gyrgyzystan Täjigistany 4:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, ýaryşda 10 utukly Özbegistan kümüş, 4 utukly Gyrgyzystan bürünç medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň