Şu gün – 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň häkimi, welaýatlaryň häkimleri, şeýle-de käbir wise-premýerler we Türkmenistanyň Baş prokurory gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda häkimler alyp barýan işleri, öňde durýan möhüm wezipeler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, welaýatlaryň käbir etraplarynda degişli ekinleri ekmekde, bugdaýlara ösüş suwuny tutmakda, gowaça ekişine taýýarlyk görmekde, tehnikalary talaba laýyk ulanmakda, möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda alyp barmakda, şor suwa akabalaryny arassalamakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de işleri talaba laýyk ýola goýmagy häkimlerden berk talap etdi. Maslahatyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hem hasabaty diňlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de ekinleri ösdürip-ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň talaba laýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Welaýat häkimleriniň öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmeýändigi, işleri bellenilen wagtda we ýokary hilli geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleriniň pesdigi sebäpli, amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň hil derejesi talaba laýyk gelmeýär diýip, döwlet Baştutany belledi. Hormatly Prezident bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatlaryň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, olardan öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabaty bilen mejlis dowam etdi. Türkmen Lideri häkimiň hasabatyny diňläp, ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny degişli derejede alyp barmak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň pesdigini belläp, işleriň guralyşynyň derejesine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, işleri talaba laýyk ýola goýmagy häkimden berk talap etdi.