Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini BMG-den gelen hoş habar bilen gutlady

23:1823.03.2025
0
12681
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini BMG-den gelen hoş habar bilen gutlady
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde türkmen döwletiniň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Halk Maslahatynyň adyndan gutlaglaryny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Beýan edilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy:

— Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ilkinji Kararnama hem türkmen Bitaraplygy bilen baglydyr. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hemişelik Bitaraplygymyzyň düýbüni tutmak bilen, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Milletler Bileleşigine şol wagtky agza ýurtlaryň 185-si tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi — diýip, gutlag hatynyň başynda ýazýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edildi we türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasaty has-da berkidildi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň baştutanlygyňyzda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmegi bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryňyzyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag hatynda nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Bitaraplyk türkmen halkynyň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerini dünýä ýaýýan taglymatdyr.

— Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Halklaryň arasynda parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmek Siziň alyp barýan daşary syýasatyňyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Siziň ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň netijesinde, häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz hil taýdan täze derejä çykýar — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlag hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň