Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň işi has-da kämilleşdiriler. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwlet Baştutanynyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda görülýän çäreleriň ýurdumyzyň bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.