2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen özara söwda dolanyşygy 110 million amerikan dollaryna ýetdi.
Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň özbek bazaryna eksportynyň mukdary 95,6 million amerikan dollara deň boldy. Şeýle-de 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 14,4 million amerikan dollaryna deň bolan harytlary we hyzmatlary Özbegistandan import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 million amerikan dollary möçberde köpdür. Şeýlelikde, ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 110 million amerikan dollaryna deň boldy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 14-nji orny eýeledi.