Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

20:0923.03.2025
0
11169

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada asmannews.ru habar berýär.

Rus Lideri gutlag hatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýändigini aýdýar. Şeýle-de ol bilelikdäki tagallalar bilen gatnaşyklaryň dostlukly iki halkyň bähbidine hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, üstünlikler, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň