Top.Mail.Ru

Brýusseldäki forumda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri hödürlendi

11:3319.03.2025
0
10636

Belgiýadaky Türkmenistan ilçihanasy Brýusseliň Egmont köşgünde geçirilen «Team Belgium Global Gateway» «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyk Merkezi Aziýada maýa goýumlary we hyzmatdaşlygy, şol sanda Hazarüsti ulag geçelgesi (TCTC) hökümet, işewür toparlary we bilermenler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýan meýdança boldy. «Tegelek stoluň» guramaçylary hökmünde Belgiýanyň Daşary işler ministrligi we öňdebaryjy ykdysady guramalar çykyş etdi.

Forumda hasaba alnan gatnaşyjylaryň arasynda Belgiýanyň öňdebaryjy «Jan De Nul», DEME, «Port of Antwerp-Bruges», «Sarens» we «Elia Grid International» ýaly iri infrastruktura we logistika taslamalary babatda geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýän kompaniýalar bar.

Türkmenistan ilçihanasynyň geňeşçisiniň çykyşynda ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösmegine, strategiki ýerleşişine we amatly maýa goýum gurşawyna ünsi çekdi.

Her ýylda 17 million tonnadan gowrak ýük gaýtadan işleýän Türkmenbaşy halkara portunyň Ýewraziýada möhüm merkeze öwrülendigi bellendi.

Energetika pudagy barada durup geçen türkmen diplomaty Ýewropa Bileleşiginiň energiýa howpsuzlygy üçin uly mümkinçilige eýe bolan Hazarüsti gaz turbageçirijisiniň, şeýle hem Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň strategiki ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýum ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Belgiýanyň kompaniýalarynyň ünsi esasan hem ýokary tehnologiýaly senagat zolaklarynyň giňelmegine, häzirki zaman mineral gaýtadan işleýän zawodlaryň döredilmegine we dag-magdan işleriniň dowam etdirilmegine gönükdirildi.

Çykyşda Arkadag şäherinde lukmançylyk merkeziniň döredilmegi barada hem bellenildi. Türkmen tarapy Belgiýanyň lukmançylyk enjamlaryny öndürijileri, saglygy goraýyş pudagynyň maýadarlaryny we derman öndürýän kompaniýalary bu strategiki möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň