Top.Mail.Ru

Türkmenistan “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyň çäklerindäki sergä gatnaşar

05:4221.03.2025
0
20597

Türkmenistanyň şu ýylyň maýynda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara sergä gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu sergide türkmen halkynyň milli medeni gymmatlyklary, Türkmenistanyň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, eksport ugurly täze önümleri tanyşdyrylar. Oňa dürli pudaklaryň wekilleri, hususy haryt öndürijiler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany türkmen haryt öndürijileriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň