Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly okuwçylar halkara sungat bäsleşiginiň ýeňijisi boldular

18:5420.01.2022
0
6535
Türkmenistanly okuwçylar halkara sungat bäsleşiginiň ýeňijisi boldular

Türkmenistandan iki gatnaşyjy A.N.Skribýanyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan Fortepýano sungaty boýunça II Halkara MAESTOSO bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Olar Maýa Kulyýewa adyndaky adyndaky TMK-niň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary Aýnur Otuzowa bilen Aýsona Babaýewadyr.

Bu bäsleşik her ýyl Kazan şäherinde geçirilýär. Ony «Üstünligiň açary» Halkara sungat merkezi gurady.

Şu ýyl gatnaşyjylar bäsleşigiň guramaçylyk toparyna wideoýazgylaryny ýolladylar. Oňa aýdym-saz boýunça bilim alýan okuwçylardan, talyplardan başlap, okuwçylara çenli gatnaşyp bilýär.

Türkmenistanly zehinli okuwçylary bu bäsleşige Jeýhun Babaýew taýýarlady.

Şu gün ýaryşyň ýeňijileriniň gala konserti bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň