«Weli gurluşyk» Ahalyň täze merkezinde 300 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlaryny we sport merkezini gurýar

16:0520.01.2022
0
2310

«Weli gurluşyk» hususy kärhanasyna Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde 7 gatly 56 öýli we 28 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň, 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsiniň hem-de sport merkeziniň gurluşyklary ynanyldy. Bu barada kärhananyň ýolbaşçysy Welmyrat Gutlyýew «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Häzirki wagtda 3 we 4 otagdan ybarat bolan 7 gatly 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň binasynda santehniki we elektrik, timarlaýyş, binanyň daşynyň mermer işleri, şeýle-de ýerasty awtoduralgalardyr kömekçi desgalarda işler alnyp barylýar, 5 — 7-nji gatlarda kerpiç örmek işleri dowam etdirilýär.

7 gatly 56 öýli ýaşaýyş jaýynda hem sanuzel keramiki plita we witražlary gurnamak, içki basgançaklara granit örtmek işleri dowam etdirilýär. 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň A, B bloklarynda demir-beton, demir dokamak, galyp tutmak işleri tamamlanyp, binanyň 7-nji gatynda örüm işleri alnyp barylýar. Işler iki çalşykda guralyp, her çalşykda 125 işçi tutanýerli zähmet çekýär. Dürli tehnikalaryň 7-si işledilýär. Iki gatdan ybarat döwrebap sport merkeziniň gurluşygynda-da her çalşykda öz işine ussat 53 gurluşykçy işleýär. Onda ilatyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň