Mary welaýatynda 366,6 müň gektar ýer oba hojalyk ekinleri üçin bölünip berler

23:2017.01.2022
0
1271

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu gün geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, ekerançylyk ýerleriniň, degişli tehnikalaryň we gurallaryň ýazky gowaça ekişine taýýarlanylyşy barada hasabat berildi.

Iş maslahatynyň barşynda häkim şu ýyl welaýat boýunça 366 müň 670 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şol sanda welaýat boýunça 165 müň gektar ýere gowaça ekiler. Mundan başga-da, 14,9 müň gektara gant şugundyry, 12,9 müň gektara ýeralma, 8605 gektara gök ekin, 4,315 müň gektara bakja ekinleri, 2350 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 1500 gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.

Welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary şu günler bugdaý ekilen 170 müň gektar ýerde ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň