Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty hyzmatlar üçin arza tabşyrmagyň onlaýn-serwisini ýola goýdy

20:2617.01.2022
0
13612

Türkmenbaşydaky halkara deňiz porty çäginde hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin onlaýn-serwis hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi web sahypasy habar berýär.

Hyzmat 2021-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi. Indi müşderiler onlaýn görnüşde arza berip, öz ýüztutmalarynyň ýagdaýyny yzarlap bilerler.

Şu günki günde agentligiň resmi web sahypasynyň “Müşderiler” bölüminde şu hili maksatlar bilen arza goýup bilersiňiz:

- Şertnama baglaşmak;
- Ýük işleri bilen üpjün etmek;
- Gämi hyzmatlaryny hödürlemek;
- Portuň çägine awtolulag bilen girmek.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň maý aýynda işe girizildi. Gämi duralgasy halkara ülňülerine laýyklykda açyk hem-de ýapyk ammarlarda ýangyç guýmak, ýüklemek we düşürmek, harytlary gaplamak, lukmançylyk kömegi, ekspeditorçylyk, ýangyn howpsuzlygy, gözegçilik, agent hyzmatlary, deňiz ýolbeletleri, çekmek we labyr almak ýaly hyzmatlary hödürleýär.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük saklaýyş hyzmatlary üçin täze nyrhlaryň tassyklanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň