Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistanda saparda bolar

21:4214.01.2022
0
7936
Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistanda saparda bolar

Şu gün – 14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirildi. Türkmen Lideriniň mejlisiň dowamynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de degişli düzümler bilen duşuşyklar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň