Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

23:2007.01.2022
0
10559

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararyň taslamasy boýunça hasabat berdi.

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlandygy habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýanyň dolandyryş ulgamyna häzirki zaman usullaryny, menejmenti giňden ornaşdyrmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Munuň özi häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlenendir hem-de öňde goýlan wezipeleri babatda döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm ugrudyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Agentligiň ýolbaşçysyna iberip, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň