Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy - 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

13:2606.01.2022
0
13700

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda “A” toparçada çykyş eder. Bu barada Kuala-Lumpur şäherinde onlaýn arkaly geçirilen bije çekişlikde belli boldy.

Geçirilen bijä laýyklykda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň milli ýygyndylary bolarlar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama ýaryşyna gatnaşar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar toparçalaryň ikisinde bäsleşerler. Saýlama ýaryşlary 2022-nji ýylyň 1-15-nji apreli aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Merkezi we Günorta sebiti:

“A” toparça:
Eýran, Gyrgyz Respublikasy, TÜRKMENISTAN, Maldiwler.

“B” toparça:
Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Nepal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň