Soňky habarlar

Arhiw

“Bereket Kompýuter” dükanynyň hünärmenleri ahyrlanýan ýylyň netijelerini jemleýärler

15:5212.12.2021
0
6231

“Bereket Kompýuter” kompýuter enjamlarynyň we wideogözegçilik ulgamlarynyň dükany eýýäm 4 ýyl bäri içerki bazarda önümleri bilen çykyş edip gelýär. Bu gysga döwrüň içinde “Bereket Kompýuter” özüni kompýuter, ofis we beýleki enjamlary, aýratyn-da wideogözegçilik ulgamlary, kameralary, şeýle-de öý jaňlary bilen ygtybarly üpjün ediji hökmünde görkezdi. Dükanyň ýöriteleşmeginiň esasy aýratynlygy hem şundadyr.

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda “Bereket Kompýuter” wideo gözegçilik ulgamlaryny öndürmekde ýöriteleşen “Hikvision” we “Hiwatch” ýaly meşhur kompaniýalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň hasabyna önümleriniň görnüşlerini ep-esli giňeltdi. Mundan başga-da, “Bereket Kompýuter” dükany “Hikvision” brendinden enjam satyn almak we satmak üçin şahadatnama aldy.

2021-nji ýylda “Bereket Kompýuter” dükany “Bärde biz” taslamasyna gatnaşdy, Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmäge bagyşlanan köp sanly sergilerde we mahabat işlerinde gazananlaryny açyp görkezdi. Hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, kompaniýa kompýuter tehnologiýalary we wideogözegçilik ulgamlary boýunça Hytaý we Gazagystan döwletleriniň hünärmenleri bilen webinar duşuşyklaryny geçirdi.

Öňümizdäki ýylda bolsa “Bereket Kompýuter” önümçiligi has-da ilerletmek bilen önümleriň görnüşini hem-de ilatyň kompýuter üpjünçiliginde hödürlenýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Onlaýn söwdany ösdürmek babatdaky işler dowam etdiriler. Mundan başga-da, kärhana döredilen gününden bäri dowam etdirilýän haýyr-sahawat işlerinden çetde durmaz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň