«Bereket Kompýuter» enjamlar dükany şahsy web sahypasyny işjeň alyp barýar

17:4328.09.2021
0
8106

«Bereket Kompýuter» enjamlar dükanynyň harytlary we hyzmatlary amatly bahadan satyn almaklyk üçin niýetlenilen hususy web sahypasy bar. Bu web sahypanyň üsti bilen «Bereket Kompýuter» enjamlar dükanynyň işleri bilen jikme-jik tanşyp bilersiňiz.

«Bereket Kompýuter» enjamlar dükanynyň ýönekeý we ulanmaga aňsat bolan hususy web sahypasy şu aşakdaky ýaly bölümlerden (kategoriýalardan) durýar:

• Wideogözegçilik kameralary;
• Kompýuterler we noutbuklar;
• domofonlar
• Kompýuter esbaplary
• Printerler we fakslar
• Gadjetler
• Tor enjamlary
• Öý-hojalyk önümleri
• Awtomatlaşdyryş
• Aksiýaly önümler

Bulardan başga hem, «Bereket Kompýuter» enjamlar dükany ýerine ýetirilýän işler, synlar, bildirişler we beýleki gyzykly habarlar barada maglumatlar berip, blogy örän işjeň alyp barýar.

«Bereket Kompýuter» enjamlar dükany özüniň hususy web sahypasynda müşderilerine «akylly gözleg» hödürleýär. Müşderi «akylly gözlege» önümiň ýa-da hyzmatyň adyny girizip, wagtyny tygşytlap biler.

«Bereket Kompýuter» enjamlar dükany elektrik bejeriş işleriniň ähli görnüşlerine hyzmat etmeklikden başga-da «Trade-in» hyzmatyny berip başlan ilkinji hususy kärhanalardan biridir. «Trade-in» hyzmaty harydyň bahasynyň arzanlamagy bilen köne zady täzesine çalyşmaga mümkinçilik berýär.

«Bereket Kompýuter» enjamlar dükanynyň hususy web sahypasy bilen tanyşmaklyk üçin şu ýere basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň