Arhiw

TÝL ― 2021: «Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň taryhynda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň ilkinji bäşligine girdi

22:4503.12.2021
0
773

Şu möwsümiň 10-njy tapgyryndan soň «Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň taryhynda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň ilkinji bäşligine girdi.

10-njy tapgyrda öz meýdanynda «Şagadamy» 1:0 hasabynda ýeňen «aragatnaşykçylar» Ýokary ligadaky 252-nji ýeňşini gazandylar. Şeýlelikde, topar 251 ýeňişli «Ahaly» yzda galdyryp, milli çempionatymyzda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda bäşinji orna geçdi.

Sanawyň başyny 458 ýeňiş bilen «Nebitçi» çekýär. Ikinji orundaky «Merwiň» 336, üçünjilikdäki «Şagadamyň» 319 ýeňşi bar. «Altyn asyrdan» bir basgançak ýokardaky «Köpetdag» bolsa henize çenli 314 ýeňiş gazandy.

Ýokary liganyň şu habarda ady tutulmadyk wekillerinden «Aşgabatda» 198, «Energetikde» 60 ýeňiş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň