TÝL ― 2021: Netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji ornuň eýesi üýtgedi

00:0527.11.2021
0
1062

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynda iki gezek tapawutlanan «Şagadamyň» futbolçysy Nazar Towakelow möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ikinji orna geçdi.

Indi onuň hasabynda 5 gol bar. Şol bir wagtyň özünde Nazar Towakelow 7 gol bilen bu sanawyň başyny çekýän Elman Tagaýew («Ahal») bilen aralygy 2 pökgä çenli ýygyrdy.

8-nji tapgyra çenli ikinji orny her biri 4 pökgi geçiren Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr») bilen Amangeldi Saparow («Merw») eýeleýärdi.

Ýeri gelende aýtsak, Nazar Towakelow möwsümdäki 5 golunyň diňe ýekejesini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň