Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynda Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Nebitçi» «Ahaly» kabul etdi.
Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolandygyna garamazdan, duşuşykda hasaby açmak toparlaryň hiç birine-de başartmady. Şeýlelikde, duşuşyk 0:0 hasayndaky deňlik bilen tamamlandy.
Bu duşuşykdan soň utugyny 18-e çykaran «Ahal» heniz hem ýaryşyň başyny çekýär. 7 utukly «Nebitçi» bolsa bäşinji orunda.
9-njy tapgyrda «Nebitçi» «Şagadam» bilen mmyhmançylykda duşuşar. «Ahal» bolsa «Altyn asyry» kabul eder.