Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Botswanada mawy öwüşginli göwher daşy tapyldy

11:4422.11.2021
0
652

2018-nji ýylyň maýynda Botswananyň Orapa şahtasyndan tapylan täsin reňkli göwher daşyň golaýda Nýu-Ýork şäherindäki sergide jemagata tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Popular Science neşiri habar berdi. Daşyň täsin öwüşgini ony sergidäki beýleki gymmatbaha daşlaryň arasyndan görnetin saýlaýar. Daşy ony gazyp alan kompaniýanyň hormatyna Okavango Blue diýip atlandyrdylar.

Okavango Blue öz reňkine bor magdanynyň garyndysy zerarly eýe bolup, ol deňiz suwunda emele gelýär. Adatça bor minerallaryň emele gelýän çuňluklarynda duşmaýar, netijede, göwher magdany beýleki jisimlere garanyňda has köp azot alýar. Borly suwuň minerallaryň kemala gelýän litosferasynda düşmegi subduksiýa diýlip atlandyrylýar.

Geolog Jorj Harlounyň sözlerine görä, göwheriň täsin reňk öwüşgini ylymda täze öwrenmeli gözýetimleri açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň