Soňky habarlar

Arhiw

«Boý Bodron» dermanhanasy dem alyş ýollarynyň kesellerini bejeriji enjamlary hödürleýär

01:2515.11.2021
0
10568

Paýtagtymyzdaky «Boý Bodron» dermanhanasy alyjylara ingalýator we nebulaýzer enjamlaryny hödürleýär. Olar ýiti ýokanç kesellerini derman serişdelerinden dem almak ýoly bilen bejerýär.

Ingalýatorlar we nebulaýzerler arkaly derman serişdeleri gönüden-göni dem alyş ýollaryna düşýär. Bu usulda derman kabul etmek işine gan aýlanyş ulgamy hem-de aşgazan gatnaşmaýar.

Nebulaýzerler derman serişdelerini özünde saklaýan aerozollar (howa bölejikleri) arkaly dem alyş ulgamyna täsir edýär. Olar aşaky dem alyş ýollarynyň kesellerinde (bronhitlerde) has oňyn netijelidir. Bu enjam bug ingalýatorlaryndan tapawutlylykda, aerozollary gyzdyrmaýar.

Ingalýatorlar bolsa ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerinde (meselem: rinitde we faringitde) gowy täsirlidir. Bu enjamyň nebulaýzere garanyňda, has iri bölejikleri emele getirýändigi bilen baglydyr.

«Boý Bodron» dermanhanasynda nebulaýzerleriň we ingalýatorlaryň çagalar hem-de ýetginjekler üçin niýetlenilen görnüşlerini satyn almak, şeýle hem öýüňe sargyt edip getirtmek bolar.

«Boý Bodron» dermanhanasy paýtagtymyzyň Görogly köçesindäki «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde ýerleşýär. Sowal-jogal üçin telefon belgileri: 97-03-03, 90-67-67.

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň