«Boý bodron» dermanhanasynda ortopedik harytlaryň giň toplumy hödürlenilýär

15:0609.11.2021
0
5660

«Boý bodron» dermanhanasy paýtagtymyzyň myhmanlaryna we ýaşaýjylaryna dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ortopedik harytlarynyň giň toplumyny hödürleýär.

Ortopedik harytlara oňyrgany düzeltmek we ony şikes almadan soň gaýtadan dikeltmek, wena gan damarlarynyň giňemeginiň, ýasydabanlylygyň, aýagyň başam barmagynyň gyşarmagynyň öňüni almak we bejermek üçin niýetlenilip ýörite döredilen serişdeler degişlidir.

«Boý bodron» dermanhanasynda dogruma çenli we dogrumdan soňky bandajlaryň, göwreliler we operasiýadan soň oňurgany dikeltmek hem-de düzeltmek üçin niýetlenilen karsetleriň, köwşe goýulýan silikon serişdeleriň, ýyladyjy balaklaryň dürli görnüşlerini satyn almak bolar.

Şeýle-de iş günleri sagat 9-00-dan 21-00-a çenli dermanlary eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär. Derman serişdelerini maýyplara we hassahanalara eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

«Boý Bodron» dermanhanasy paýtagtymyzyň Görogly köçesindäki «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde ýerleşýär. Sowal-jogal üçin telefon belgileri:97-03-03, 90-67-67.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň