Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçiler täze alkogolsyz içgileriň önümçiligi ýola goýdular

11:0108.11.2021
0
951

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Parahat» hususy kärhanasy alkogolsyz içgileriň birnäçe täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Onuň «Eçil», «Ýeserje», «Dat», «Süýtli dere»,

Däp», «Han çaý», «Özi», «Arma», «Han şöhlat», «Güneşli», «Köşüli» haryt nyşanlarynyň üsti «OK», «Zor», «330» haryt nyşanlary bilen ýetirildi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 8-nji noýabrdaky sanynda habar berilýär.

Täze önümçiligiň ýola goýulmagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1993-nji ýylda döredilen kärhananyň depginli ösýändigini görkezýär. Ol Türkmenistanda iri hem döwrebap hususy kärhanalaryň biri bolup, önümçiligi awtomatlaşdyrmak, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy hasaplanýar. Onuň ISO 22000:2005 halkara güwänamasy, abraýly sylaglarynyň hatarynda «Altyn güýz» Bütinrussiýa obasenagat sergisiniň altyn medaly hem bar.

Täzeçillik, döwrebaplyk, iň gowy hem ýokary hilli önümleri öndürmek, müşderileriň isleglerini öwrenip, önümçiligi ösdürmek «Parahat» hususy kärhanasynyň esasy ýörelgeleri hasaplanýar. Onuň bölümlerinde Ýewropanyň önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylandyr.

«OK» alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň limonad, tarhun, kola, pyrtykal, emeli minerallaşdyrylyp gazlandyrylan görnüşleri öndürilýär. Olar 0,5 litrlik plastik gaplara gaplanýar. Täze önümleriň hatarynda «330» limon, şetdaly, tokaý miweleri tagamly sowuk çaýlary, nar tagamly içgisi hem-de «Zor» atly zirk we guarana tagamly gazlandyrylan alkogolsyz içgisi hem bar. Olar 330 millilitr göwrümli plastik gaplarda öndürilýär. Kärhananyň täze görnüşli içgileriniň önümçiliginde ýokary derejede arassalanan agyz suwy ulanylýar. Iş wagty arassaçylyk kadalarynyň, zyýansyzlandyryş çäreleriniň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň