Türkmenistanyň dokma toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak dowam edýär

11:2711.10.2021
0
5076

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň S.Nyýazow adyndaky dokma toplumynda " Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna" laýyklykda önümçiligiň giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler has-da kämilleşdirilýär.

Dokma toplumynda e-poçta ibermek we almak internet arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde zähmet çekýän işçileriň sanawy, olaryň işe gelen wagty ýörite ornaşdyrylan enjama elektron ýüzüni tanamak arkaly hasaba alynýar. Dokma toplumynda guramaçylyk we önümçilik işlerini sanlaşdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak dowam etdirilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky dokma toplumy dokma we poliester önümlerini, jorap önümlerini öndürmäge ýöriteleşendir. Dokma toplumynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 4169 müň inedördül metr mata, 2,5 müň jübüt jorap we 1440 müň metre çenli örtük poliester öndürmäge niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň