Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Türkmenabatda täze jaýlaryň açylyş dabarasynda ýerli zenanlara çörek ýapyşmaga kömek berdi

15:4310.10.2021
0
11945

Türkmenabatda täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy we jaýlaryň açaryny alan maşgalalary şatlykly waka bilen gutlady.

Bu barada «Jeyhun.news» habar berdi.

Jaýlar, öýlerde döredilen amatlyklar we olaryň daşynda gurlan goşmaça binalar bilen tanyşdy. Mejlisiň başlygy kottejleriň birinde jaý toýuna taýýarlyk görýän maşgala tamdyrda çörek ýapmaga kömekleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň