Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilýän halkara lukmançylyk forumy öz işine başlady

14:5408.10.2021
0
5211
Aşgabatda geçirilýän halkara lukmançylyk forumy öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işine başlady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan we onlaýn görnüşde geçirilýän bu çärä alym-lukmanlar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri — BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, BMG-niň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary hem-de ylmy intelligensiýanyň wekilleri, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofera we beýlekiler gatnaşýarlar. Halkara foruma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýar.

Forumyň işiniň barşynda ýokanç kesellere garşy göreş, saglygy goraýyşda sanlylaşdyrmak işleriniň orny, COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy, bir söz bilen aýdylanda, ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň durnukly ösüşine ýardam berýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkara lukmançylyk-arassaçylyk işleriniň gazananlary esasynda emele gelen kadalara daýanýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş meselelerine aýratyn üns beriler.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýän, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary has berkidip, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Türkmen Lideri foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, bu ýokanjyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer diýip belleýär.

Şu gezekki forumyň barşynda bütin dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýändigi, lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygyny ýüze çykarandygy barada giňişleýin çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň