Türkemnistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy

23:1206.10.2021
0
16018

6-njy oktýabrda Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mundan 70 ýyldan gowrak ozal halkymyzyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň biri bolup geçdi. Şol tebigy betbagtçylyk henizem her bir türkmenistanlynyň kalbynda hasrat bilen ýatlanylýar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk — ýertitreme bir pursatda milliardlarça tonna topragy süýşürip, paýtagtymyzy weýran etdi. Elhenç hasrat adamlaryň ykbalyna rehimsizlik bilen darap, aşgabatlylaryň müňlerçesiniň pida bolmagyna getirdi. Diri galanlaryň köpüsi öz ýakynlaryny ýitirdiler.

Diri galanlar edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olar gijäniň tümlüginde, gözüňi açyp bolmaýan tozanyň içinde, dowam edýän hem-de täze weýrançylyklara getirip biljek ýer yranmalarynyň howpy astynda ýykylan jaýlardan özleriniň ýakynlaryny, goňşularyny halas etmek üçin ähli gujur-gaýratyny jemläp göreşdiler. Bu betbagtçylyk adamlaryň güýjüni hem-de agzybirligini pugtalandyrdy, olary jebisleşdirdi. Hasratly günlerde olar özleriniň iň gowy häsiýetlerini, çäksiz ruhy jomartlygyny, gaýduwsyzlygyny hem-de edermenligini görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. Şu pursat pajygaly gijede 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk gurşap aldy.

Tebigy betbagtçylykda ömür tanaplary kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlandy.

Soňra milli Liderimiz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärlikleriniň etegine güýz gülleriniň çemenini goýdy. Bu pursatlar halkymyzyň türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky öçmez-ýitmez hakydasynyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanlylyaryň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gaýtalanmajak mertlik, harby borja ygrarlylyk, mähriban topragymyza çäksiz söýgi görkezdiler. Şolaryň hatarynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýýarlar.

Syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşulýarlar. Sanlyja wagtyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärligiň öňüni örtdi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen hatyra çäresi gadymy türkmen topragynda beýik pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň ýene bir aýdyň nyşany boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň