Türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglady

23:2528.09.2021
0
7400

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy.

Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Ç.Amanowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyzy gowşurdy. Şeýle hem wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna general-polkownik harby ady dakyldy.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby kasama, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylygyň hem-de parahat we döredijilikli durmuşyň goragynda durmaga taýýarlygyň kasamyny aýtdy.

Soňra goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýewe ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysyna general-leýtenant harby ady dakyldy.

Goranmak ministri sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby borja, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy. IIM-niň ýolbaşçysy harby kasama, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize hemişe wepalylygyň hem-de parahat we döredijilikli durmuşyň goragynda durmaga taýýarlyk kasamyny aýtdy.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglandy. Baş prokuror sylagy kabul edip, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manady gowşuryldy. Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysy sylagy hoşallyk bilen kabul edip, Watanymyza hemişelik wepalylyk kasamyny aýtdy we geljekde hem özüniň mukaddes watançylyk borjuny abraý bilen berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew milli Liderimiziň özüne gowşuran “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyzy hoşallyk bilen kabul edip, harby kasamy aýtdy.

“Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglanylan Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby-watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew milli Liderimiziň gowşuran “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manady hoşallyk bilen kabul edip, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.Muhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanyna laýyklykda, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” ýubileý medalyna, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyza mynasyp boldy. Ministrligiň ýolbaşçysyna şeýle hem ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.

Ministr sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby kasama, Watanymyza hemişelik wepalylygyň hem-de halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmaga taýýarlyk baradaky kasamy ýerine ýetirdi.

Dabaranyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik M.Hudaýkulyýewe “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen polkownik harby ady dakyldy. Gümrük gullugynyň ýolbaşçysy sylagy hoşallyk bilen kabul edip, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny aýtdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik N.Atagaraýewe mynasyp bolan ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy hem-de oňa döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, polkownik harby ady dakyldy.

Gullugyň ýolbaşçysy sylagy hoşallyk bilen kabul edip, mukaddes kasamy aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy boýunça A.Hudaýberdiýewe nobatdaky harby at dakyldy.

Ol harby adyň nyşanyny kabul edip, harby watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimize ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň