Soňky habarlar

Arhiw

Nur-Sultandaky muzeý Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekili bilen bezeldi

13:4327.09.2021
0
12429

2021-nji sentýabryň 26-syndan 27-sine geçilen gije EKSPO-2017 – Nur-Sultan şäheriniň Halkara ýörite sergisiniň binasyna Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzyň Döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirildi.

Bu waka halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy we ýurdumyz bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň