Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň üsti bilen 700 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy

23:4214.09.2021
0
1026

2021-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden ýük daşamagyň mukdary 742,5 müň tonna boldy. Bu maglumat ýakynda Gazagystan Demirýollarynyň başlygy Nurlan Sauranbaýewiň Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejepow bilen geçiren duşuşygynda mälim edildi.

Taraplar Eýranyň, Türkiýäniň we Owganystanyň üsti bilen Türkmenistanyň çäginden harytlaryň geçmegi üçin amatly nyrh şertlerini döretmegiň maksadalaýykdygyny bellediler.

– Bu ulag gatnawyny artdyrar we umuman iki ýurduň üstaşyr mümkinçilikleriniň ösmegine oňyn ýardam eder – diýip, N.Sauranbaýew belledi.

Iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny belläp, söhbetdeşler üstaşyr we ulag aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maglumata görä, ulag-üstaşyr aragatnaşyk boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşi ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Gazagystanyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn formatda geçiriljek ýygnagynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan we Gazagystan Eýrana barýan halkara demir ýol liniýasy bilen baglanyşdyrylýar. Mundan başga-da, Türkmenistan Hazaryň çägindäki Garabogaz kölüniň üstündäki awtoulag köprüsini döwrebaplaşdyrýar. Bu desga Türkmenistan – Gazagystan halkara ulag ýolunyň möhüm infrastruktura gurluşygy bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň