Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bugdaý ekişine badalga berildi

22:0503.09.2021
0
4317

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi.

Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.

Türkmen ekerançylary geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten-1”, “Miras” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň