Soňky habarlar

Arhiw

“Awtoýoly” dükanlarynda müşderiler üçin amatly ball kartlary hödürlenilýär

15:3427.08.2021
0
8846

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlar edilýän söwda üçin, şeýle-de müşderilere edýän ulag bejeriş hyzmatlarynda amatly ball kartlaryny hödürleýär. Kärhananyň 2017-nji ýyldan bäri köpçülige elýeterli bolan ball kartlary aýratyn-da “Awtoýoly” nyşanyny göterýän internet dükanyndan satyn alynýan harytlaryň bahasy üçin ýeňillikli şerti döredýär.

Ball kartlary kärhananyň awtoyoly.com.tm saýtynda müşderiniň hasaba alnan pursadyndan açylýar, şeýlelikde her bir satyn alnan haryt ýa-da peýdalanylýan ulag bejeriş hyzmaty üçin müşderiniň kartynda ball toplanýar. Müşderi hasaba alnandan soň, “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň ýerlerdäki nokatlaryndan satyn alnan harydyň bahasynyň 1%-i, internet dükanyndan edilen söwdanyň bolsa 2%-i ball hökmünde kartyň hasabynda toplanýar. Şeýle-de dükan tarapyndan edilen her bir ulag bejeriş hyzmaty onuň bahasynyň 2%-iniň möçberinde kartyň ballaryny artdyrýar.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň hödürleýän bonus ball hyzmatyndan peýdalanyp, toplanýan ballar arkaly geljekki etjek söwdaňyzyň arzan bolmagyny gazanyp bilersiňiz. Bu amatly hyzmaty ýola goýmak üçin www.awtoyoly.com.tm saýtynda hasaba alnyp, “Awtoýoly-dan” nyşanyny göterýän dükanlaryndan söwda etmek ýeterlikdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň