Soňky habarlar

Arhiw

Näme üçin tomus paslynda teker basyşyna gözegçilik etmek möhüm

0
62618

Awtoulagyň teker basyşyny wagtynda barlamak ony dolandyrmagyň ýokary howpsuzlyk derejesini kepillendirýär we kadaly teker basyşy bolan awtoulagyň sürüjisi ulagy diňe bir rahat dolandyrman, eýsem, özüni ynamly  hem-de doly derejede howpsuz duýup biler.

Tekerleriň esasy wezipesi awtoulagy ýoluň üstünde dürs saklamakdyr.

Basyşy kadaly tekeriň yüzi ýoluň üstüne deň derejede galtaşmak bilen, deň derejede sürtülme bolýar, bu bolsa, ulagy dolandyrmagyň howpsuzlygyny  ýokarlandyrýar, ýangyjyň tygşytly ulanylmagyny üpjün edýär.

Awtoulaga mahsus bolan basyşyň bary-ýogy 0.5 atmosfera peselmegi diňe bir ulagyň hereketini üýtgetmän, eýsem, tekerleriň möhletinden has öň hatardan çykmagyna getirýär. Basyşy az bolan tekeriň ýoluň üstüne deň derejede basylmaýandygy sebäpli, onuň iki gapdaly zaýalanýar we awtoulagyň öwrümlerde duýujylygy gijä galyp başlaýar.

Tekerleriň basyşy ýokary bolan ýagdaýynda awtoulagyň ýoluň ýüzi, ýagny asfalt düşegi bilen yapyşyjylygy peselýär, bu ýagdaý hem ulagyň çekijiligini pese düşürýär, netijede tekeriň orta bölümine agram düşüp, hatardan çykyp ugraýar. Bu hem öz gezeginde awtoulagyň tormoz tutujylygyny peseldýär. Tomus paslynda asfaltyň gaty gyzmagy tekeriň basyşyny has-da ýokarlandyryp bilýär. Eger tekerde çiş bar bolsa, onuň atylmagy hem ahmal. 

Siziň awtoulagyňyza degişli bolan iň amatly basyş baradaky maglumatlar sürüjiniň gapysynyň aşaky böleginde hem-de ýangyç bagynyň gapagynyň iç ýüzünde ýazylandyr. 

Bir aýyň dowamynda tekeriň 0.069 atmosfera ýeli azalyp bilýär, tomus paslynda bu görkeziji has hem ýokarlanyp biler. 

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlaryň we hyzmat ediş nokatlarynyň ussat hünärmenleriniň tekerleriň basyş barlagy boýunça ýokary hilli hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz!

Telefon belgileri:

G.Kuliýew köçesi, 78-nji jaý: +99312 75-40-09,

Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi, Mir 3-iň garşysy: +99312 45-48-16,

“Berkarar” SDAM: +99312 46-91-02,

Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy: +99312 42-30-30,

Lebap welaýaty: +993 422 2-97-01,

Mary welaýaty: +993 522 5-69-82,

Daşoguz welaýaty: +993 322 6-19-19,

Balkan welaýaty: +993 222 7-00-73,

Kärhananyň web-saýty: awtoyoly.com.tm. Tel: +99365178775.

 

 

Şeýle-de okaň:


 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar