«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlar indi ençeme wagt bäri Aşgabat şäheriniň dürli kysymly awtoulag sürüjilerine öz ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Paýtagtymyzda «Awtoýoly» nyşanyny göterýän 4 sany dükanlaryň hereket etmegi şäheriň dürli künjeklerinde ýaşaýan sürüjiler üçin bu hyzmatlaryň elýeter bolmagyny üpjün edýär. Olar Parahat-3 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda Ankara köçesinde (Ýubileýnaýa), «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň ― 1972 (Atatürk) köçesiniň 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokadynda, G.Kuliýew köçesiniň 78-nji jaýyndaky «Awtoýoly binasynda» we Garaşsyzlygyň 15 Ýyllygy söwda merkeziniň köp gatly awto duralgasynda ýerleşýär. Bu dükanlaryň iň ulusy «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşip, ol 500 inedördül metr meýdany eýeleýär.
Ýokarda agzalan salgylarda ýerleşýän dükanlarda sürüjilere awtoulagyň akkumulyatorlaryna barlag hyzmaty, tekerlere ýel bermek, teker bolansirowkasy boýunça hyzmatlar hödürlenilip, satyş dükanlary ýerleşýär. Şeýle hem G.Kuliýew köçesiniň 78-nji jaýynda ýerleşýän «Awtoýoly binasyndaky» dükanda awtoulaglaryň guratlygyny anyklamak (diagnostika), ýagyny çalyşmak, sowadyjysyny bejermek we freon guýmak hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da bu ýerde ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt etmek bolar.
«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde hem-de Parahat-3 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda Ankara (Ýubileýnaýa) köçesinde ýerleşýän dükanlarda we hyzmat merkezlerinde ýokarda sanalan hyzmatlar bilen ugurdaş awtoulagy ýuwmak hem-de razwal sazlamak hyzmaty hem ýerine ýetirilýär.
«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlaryň ählisinde ýerine ýetirilýän hyzmatlar sedan, jip we ýeňil ýük awtoulaglaryna niýetlenilýär.
«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlar we hyzmat nokatlary geljekde hem ýurdumyzda ýerleşýän dükanlarynyň sanyny artdyrmak bilen, ýokary hilli awtoulag hyzmatlarynyň ähli sürüjiler üçin elýeter bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.
Şeýle-de okaň: