Soňky habarlar

Arhiw

“Awtoýoly” awtoulag kondisionerlerine freon guýmak hyzmatyny hödürleýär

11:4222.06.2021
0
7640

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlary hyzmat ediş nokatlaryny köpeltmek, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle-de täze hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, awtoulag kondisionerlerini abatlamak hyzmatyny sürüjilere hödürledi.

Ýörite enjamlaryň kömegi bilen awtoulag kondisionerleri tozanlardan we galyndylardan arassalanýar, zerur bolsa freon bilen doldurylýar. Şol bir hyzmatlary berýän beýleki hyzmat nokatlaryndan tapawutlylykda, bu ýerde awtoulag kondisionerinden bar bolan freon akdyrylyp dökülmeýär we howa zyýanly tüsse goýberilmeýär. Freon ýörite nasosyň kömegi bilen çykarylýar, ýag hapalaryndan arassalanandan soň, täze partiýa bilen birlikde, guýulýar. Bu täze hyzmat ekologiýa taýdan arassa bolup, sürüjileriň çykdajylaryny tygşytlamaga we awtoulaglaryny aýawly saklamaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, awtoyoly.com.tm onlaýn dükanynda tekerler, akkumulýatorlar, ýaglar we ýag süzgüçleri, dürli tehniki enjamlar, awtoulaga degişli himiki serişdeleri, antifriz, awtoulag abatlaýyş gurallary sürüjilere hödürlenýär.

Şeýle hem “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň hyzmat ediş nokatlary dürli abatlaýyş işlerini üpjün edýär we awtoulaglar bilen bagly başga-da köp sanly hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň