Soňky habarlar

Arhiw

"Awtoýoly" kärhananyň resmi sahypasynda ulaglaryň sarp ediji şaýlaryny onlaýn sargap bolar

18:0911.05.2021
0
5132

«Awtoýoly» kärhanasy alyjylaryň ösen talaplaryna laýyklykda öz dükanlarynda we hyzmat ediş merkezlerinde awtoulag sürüjileri üçin köp ugurly tiz berilýän hyzmatlar ulgamyny döreden kompaniýadyr.

Ilki bilen belläp geçmeli zat, kompaniýanyň resmi saýtynda awtoulag sürýan raýatlar üçin peýdaly maglumatlar, alyjylaryň gyzyklanyp biljek zerur zatlary hakda giňişleýin maglumatlar tapmak bolýar. Kompaniýanyň awtoyoly.com.tm onlaýn dükanyndan söwda etmek mümkinçiligi bilen bir wagtda, ol ýerde onlaýn kömekçi bilen habarlaşyp, ondan gerekli bolan maglumatlary jikme-jik öwrenip bolýar.

Kärhananyň resmi web-saýtynda ýörite harytlar, hyzmatlar, dükan ýaly bölümler bar.

Harytlar sahypasynda tekerler, diskler, akkumulýatorlar, ýaglar, süzgüçler, awtohimiýa, aksessuarlar ýaly sarp ediş şaýlaryny satyn alyp boýar.

Serwisler, ýagny Hyzmatlar sahypasynda bolsa, diagnostika, ýag çalyşmak, awtoýuwalga, wulkanizasiýa, razwal, kolodka çalyşmak, akkumulýator serwis, hodowoý bejermek ýaly bölümler boýunça operator bilen habarlaşyp, zerur bolan maglumatlary almak mümkin.

Dükan bölümçesi hem üç bölümden ybarat bolup onda täze harytlar, arzanladyşlar we iň köp satylan harytlar ýaly ugurlar bar. Olarda kompaniýa täze gelen awtoşaýlar, arzanladylýan awtoşaýlar hem-de iň köp satylan, ýagny geçginli bolan harytlar barada anyk maglumatlar berilýär.

Awtoýoly nyşanyny göterýän dükanlary müşderileriň isleg bildirýän sarp ediji şaýlaryň ýokary hilli görnüşlerini müşderilere hödürleýär. Dürli kysymly awtoulaglaryň eýelerinde satyn almakçy bolýan sarp ediji şaýlary ýa-da awtohimiýa bilen baglanyşykly soraglar ýüze çykanda, ulagyň diagnostikasyna degişli meselelerde hem gerekli maglumatlary alyp bilerler.

Şunuň bilen baglylykda «Awtoýoly» kompaniýasynyň dükanlarynda eltip berme hyzmaty ýola goýlup, bu hyzmat yzygiderli kämilleşdirýär. Hyzmat ediş merkezlerinde berilýän hyzmatlar şeýle-de, sarp ediş şaýlarynyň we ýaglaryň kepillik şertleri müşderileriň göwünlerinden turaýjak görnüşde gurnalandyr.

Kärhananyň resmi web-sahypasyna şu salgy arkaly geçip giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň